2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hereketleriň Aşgabat maksatnamasy (2024–2035) we Durnukly ulagyň onýyllygy (2026–2035) bilen baglylykda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitinde ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygyny ösdürmek” atly tegelek stol geçirildi.

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30-ýyllygy mynasybetli Gyrgyzystanyň Ž.Balasagyn adyndaky milli uniwersitetinde tegelek stol gurnady.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry 20-nji aprelde Balkan welaýatynda çykyşlaryna başlar. Teatr topary Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde goşmak bilen, birnäçe şähere sapar eder. Artistler tomaşaçylary oýunlardan daşgary döredijilik we aýdym-saz agşamlary bilenem begendirerler.

17-nji aprelde paýtagtymyzda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda howa subsidiýalary boýunça pudagara geňeşmeler geçirildi.
