Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kenar» kompaniýasy ýokary hilli önümleri bilen içerki bazary yzygiderli üpjün edip, balyk senagatyndaky öňdebaryjy ornuny has-da berkidýär.
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretarynyň orunbasary D.Trefilowyň gatnaşmagynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň taýýarlyk meselelerini ylalaşmak boýunça Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Koreýa Respublikasynyň Hankuk daşary ýurt bilimleri uniwersitetinde (HUFS) Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.
2026-njy ýylyň 25–26-njy martynda Nýu-Deli şäherinde Hindistan–Merkezi Aziýa Gaznasynyň guramagynda “India – Central Asia: Connectivity, Security, and Sustainable Partnerships in a Multipolar World” atly halkara maslahaty geçirildi.