2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Daşkent şäherinde «JW Marriott» myhmanhanasynda C5+1 formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi.
Şu gün Oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ženewada geçirilen Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezleriniň başlyklarynyň Halkara zähmet guramasynyň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosynyň (ACTRAV) wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.