mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

26.05.2022

total-veiw

7247

Türkmenistan Aziýa kubogy-2022-de Özbegistan, Bahreýn we Täjigistan bilen duşuşar

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Futzal boýunça Aziýa kubogy-22-niň şu ýylyň 27-nji sentýabr 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek 17-nji ýaryşynyň jemleýji tapgyrynda Özbegistanyň, Bahreýniň we Täjigistanyň toparlary bilen duşuşar. Şu gün Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) ýerleşýän baş karargähinde onlaýn görnüşde geçirilen bije çekişliginiň netijeleri şulardan ybarat:

news-photo

26.05.2022

total-veiw

10369

Karatedo boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi

Paýtagtymyzdaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde karatedo boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi, ony Türkmenistanyň karatedo Federasiýasy gurady.

news-photo

25.05.2022

total-veiw

9932

Türkmen türgenleri Aziýa çempionatynda 15 medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Gyrgyzystanyň Oş şäherinde tamamlanan Alyş göreşi boýunça Aziýa çempionatynda maksatnamanyň iki görnüşiniň netijeleri boýunça 15 medal gazandylar.

news-photo

24.05.2022

total-veiw

9163

Mary welaýat kubogynyň ýarym finalçylary kesgitlendi

Futbol boýunça Mary welaýat kubogyna dalaşgär toparlaryň sany dörde çenli azaldy. Ýarym finalda baş baýrak ugrundaky bäsleşigi «Merw», «Kuwwat», «Energetik» we «Olimp» dowam ederler. Bu toparlar geçen jemleýji tapgyryň netijesi boýunça kesgitlendi.

news-photo

24.05.2022

total-veiw

8168

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň (U-17) Aziýa-2023 kubogynyň saýlama ýaryşlaryndaky garşydaşlary mälim boldy

Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda onlaýn formatda geçirilen bije çekişligiň netijesinde, Futbol boýunça Aziýa-2023 kubogynyň saýlama ýaryşlarynda Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Siriýanyň we Filippinleriň toparlary Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparyna (17 ýaşa çenli) garşydaş bolup çykdylar.

news-photo

24.05.2022

total-veiw

6429

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-20) Aziýa-2023 kubogynyň saýlama ýaryşlarynda garşydaşlary kesgitlendi

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (20 ýaşa çenli) Aziýa-2023 kubogynyň saýlama ýaryşlarynda Iordaniýanyň, Taýwanyň, Siriýanyň we Demirgazyk Marian adalarynyň toparlary bilen oýnar. Şu gün Aziýa futbol konfederasiaýynyň Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) Baş karargähinde onlaýn formatda geçirilen bije çekişginiň netijeleri şeýle:

news-photo

23.05.2022

total-veiw

8580

Türkmen türgenleri nusgawy Alyş göreşi boýunýa Aziýa çempionatynda 8 medal gazandylar

Türkmen türgenleri Alyş göreşi boýunça Oş şäherinde (Gyrgyzystan) geçirilýän Aziýa çempionatynda dürli derejeli 8 medal gazandylar. Olar bu üstünlige milli gyrgyz göreşiniň nusgawy usulynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda baýraklaryň 12 toplumy ugrunda bäsleşilýän ýaryşyň ilkinji güninde ýetdiler.

news-photo

23.05.2022

total-veiw

7218

Tennis boýunça Aşgabadyň açyk çempionatynyň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aşgabadyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi bilen bilelikde 9, 10, 11 we 13-nji sport mekdepleriniň ýardam bermeginde köpugurly «Aşgabat» stadionynda tennis boýunça Aşgabadyň açyk çempionatyna gurady.

news-photo

20.05.2022

total-veiw

9729

«Şagadam» futbol boýunça Balkan wealýatynyň Kubogyny eýeledi

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary Balkanabatda tamamlanan bir aýlawly futbol boýunça Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi.

news-photo

18.05.2022

total-veiw

7140

«Altyn asyr» – Aşgabat kubogynyň eýesi

Paýtagtly «Altyn asyr» topary futbol boýunça Aşgabat kubogyny eýeledi. Türkmenistanyň sekiz gezek we häzirki çempiony bu üstünligi jemleýji oýunlarda «Aşgabatdan» üstün çykmak (2:0) bilen gazandy. 

...258