25.01.2025
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.