Medeniýet
25.04.2023
5982
Daşoguzyň teatrynda täze spektakl taýýarlanylýar
2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri kesgitledi. Häzirki wagtda teatryň režissiýory Guwanç Baýmedow Aşyr Mämiliýewiň «Älemgoşarly tomus» atly eseri esasynda täze spektaklyň üstünde işleýär.
25.04.2023
4849
Türkmen filmleri Koreýada geçiriljek Merkezi Aziýa filmleri festiwalynda gatnaşar
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň üç filmi - Arslan Eýeberdiewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» filmleri «2023-nji ýylda Yýjonbudaky Merkezi Aziýa filmleri festiwalyna» gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna iberildi.
25.04.2023
4962
Lýudmila Nabirkina: sýurrealizm elementli tapmaça-suratlaryň awtory
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Lýudmila Nabirkinanyň işleriniň şahsy sergisi açyldy.
23.04.2023
6651
Suratkeşiň 70 ýyllygy mynasybetli şahsy sergisi açyldy
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde suratkeş Aleksandr Kaşirskiýniň 70 ýyllygy mynasybetli şahsy sergisi açyldy.
22.04.2023
6913
Aşgabatda dumanly Albionyň aýdym-sazlary ýaňlandy
Angliýadan dünýäniň çar künjegine ýaýran we köp ýurtlarda meşhur bolan geçen asyryň aýdym-sazlary Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda sentimental hem romantik äheňde ýaňlandy.
21.04.2023
5355
«Rahmaninowyň bahary» konsertler tapgyry kompozitoryň romanslary bilen jemlendi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda meşhur rus kompozitorynyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan «Rahmaninowyň bahary» aýdym-sazlar tapgyryny jemleýän romanslar konserti boldy. Romanslarda Sergeý Rahmaninowyň inçe duýgurlygy we dünýä gözelligine aşyk çäksiz rus ruhy aýratyn joşgun bilen beýan edilýär.
21.04.2023
8861
Arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar
Daşoguz welaýatyndaky «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý portaly» ýadygärliginiň golaýynda ýazky arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar.
21.04.2023
6760
Dürli aýdym-saz žanrlaryndan düzülen konsert
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Maý Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk ýörite orta hünär mekdebiniň okuwçylarynyň hasabat konserti boldy.
20.04.2023
5439
«Türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň duşuşygy» atly sergisinde türkmen nakgaşlarynyň suratlary görkezildi
Özbegistanda 17-nji aprelden 21-nji aprel aralygynda geçirilýän Halkara şekillendiriş we amaly-haşam sungat festiwalynyň çäklerinde Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň duşuşygy» atly sergi guraldy. Onda TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlar – Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan nakgaşlaryň ýüzden gowragy eserlerini hödürlediler.
20.04.2023
4594
Aşgabatda medeni dynç alyş
tahyt Ataýewiň ýolbaşçylyk etmegindäki kirişli saz gurallar orkestri “Dumanly Albion” atly täze aýdym-sazly çykyşyny görkezer. Konsertde iňlis kompozitorlarynyň mukamlary we daşary ýurt estradasynyň meşhur eserleri ýaňlanar.